Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Matwiýenko: Putiniň Türkmenistana sapary gatnaşyklaryň ösüşine itergi berer


Orsýetiň parlamentiniň ýokarky öýi Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko
Orsýetiň parlamentiniň ýokarky öýi Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine itergi berer diýip, Orsýetiň parlamentiniň ýokarky öýi Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko aýtdy.

“Häzir bilşiňiz ýaly, Orsýet Federasiýasynyň prezidentiniň sapary taýýarlanýar, onuň biziň döwletlerimiziň arasynda gatnaşyklaryň mundan beýläk çuňlaşmagy üçin uly ähmiýeti bar” diýip, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşan Matwiýenko Türkmenistanyň paýtagtynda žurnalistlere aýtdy.

Matwiýenko döwletara, hökümetara we pudakara ylalaşyklaryň birnäçesiniň taýýarlanýandygyny habar berdi.

Orsýetiň prezidentiniň Türkmenistana saparynyň taýýarlanýandygy barada iýun aýynyň aýagynda Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow habar berdi. Şondan bäri bu mesele iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda maslahat edildi. Emma Putiniň Türkmenistana saparynyň wagty barada habar berilmedi.

XS
SM
MD
LG