Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň prokurorlary öňki baş prokurora sekiz ýyl tussaglygy soraýarlar


Aida Salyanowa
Aida Salyanowa

Gyrgyzystanyň prokurorlary köpçüligiň üns merkezine düşen sud işinde wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýan öňki baş prokurora sekiz ýyl türme tussaglygyny soradylar.

20-nji sentýabrda Bişkekde geçirilen sud diňlenişiginde prokurorlar häzirki wagtda oppozision kanun çykaryjy Aida Salyanowa babatynda tussaglyk jezasynyň ulanylmagyny soradylar.

Salyanowa 2010-njy ýylda baş prokuror bolan döwründe öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň ogly Maksim Bakiýew bilen bagly aklawçynyň iş rugsadyny bikanun uzaltmakda günälenýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Salyanowa syýasy matlaply diýip atlandyran sud diňlenişiginde özüniň bigünädigini subut edendigini aýtdy.

“Ata Meken” oppozision partiýasynyň agzasy Salyanowa garşy sud işi, partiýanyň lideri Omurbek Tekebaýewiň tussag edilmeginiň yzýany mart aýynda gozgalypdy.

16-njy awgustda Gyrgyzystanyň sudy prezident Almazbek Atambaýewiň öňki ýarany Tekebaýewi para almakda aýyplap, sekiz ýyl türmä höküm etdi.

Onuň tarapdarlary aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar we Tekebaýewi 15-nji oktýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşdyrmazlyk maksadyny öz öňünde goýýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG