Sepleriň elýeterliligi

Tillerson Eýranyň ýadro ylalaşygy barada gaýtadan gepleşmäge razy boljagyna umyt baglady


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Eýranyň prezidentiniň täze gepleşik geçirmekden ýüz öwürmegine garamazdan, ABŞ-nyň Tähranyň 2015-nji ýylyň ýadro ylalaşygyna üýtgetmeleri girizmek boýunça gepleşik geçirmäge razy boljagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

Tillerson Eýran bilen ýadro ylalaşygyna gol çeken beýleki taraplar bilen 20-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynda geçiren duşuşygynyň yzýany metbugat-konferensiýasynda çykyş edip, ylalaşygyň “soňuna” degişli şertler bilen baglylykda aýratyn aladalanma bildirýändigini ikinji gezek mälim etdi we Eýranyň urany baýlaşdyrmak ýaly ýadro işlerini çäklendirmek boýunça şertleriň 10 ýyldan, ýagny 2025-nji ýylda möhletiniň dolýandygyna ünsi çekdi.

Tillerson prezident Donald Trampyň şol şertlere gaýtadan seredilmegini isleýändigini aýtdy. Tillersonyň gepleşiklere gaýtadan başlamak baradaky çagyryşy Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan goldandy. Makron ABŞ-nyň we Eýranyň arasyndaky dawada araçy bolmagy teklip etdi.

Munuň öňýany Eýranyň prezidenti Rohani baglaşylan ylalaşyga ýetmegiň kyn bolandygyny nygtady. “Bu ylalaşyga iki ýyldan gowrak wagt gitdi we her bir sözüň hem her bir sözlemiň üstünde gepleşik geçirildi” diýip, Rohani aýtdy.

XS
SM
MD
LG