Sepleriň elýeterliligi

Gani ABŞ-nyň Owganystan boýunça täze strategiýasyny makullady


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani

ABŞ-nyň Kabul bilen has ýakyn işleşmekden we Pakistan babatynda has berk liniýany alyp barmakdan ybarat täze strategiýasy öňki plana garanda işleşmek üçin has gowy mümkinçilik berýär diýip, Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani 20-nji sentýabrda aýtdy.

Nýu Ýorkda Aziýa jemgyýetiniň maslahatynda eden çykyşynda Ghani öňki prezident Barak Obamanyň Owganystanda 16 ýyl bäri dowam edýän urşy tamamlamak we ýurtdan ABŞ-nyň goşunlaryny çykarmak strategiýasynyň şowsuz bolandygyny aýtdy.

Obamadan tapawutlylykda prezident Donald Trampyň “Owganystanda partnýorlar topary” bar diýip, Ghani aýtdy we Tramp öz strategiýasyny “biz bilen sansyz konsultasiýalary” geçirmek arkaly işläp düzdi diýdi.

Aşraf Ghani Milli jemgyýetçilik radiosy bilen geçiren aýra söhbetdeşliginde öz administrasiýasynyň maksadynyň indiki dört ýylyň dowamynda Owganystanyň 80%-ni hökümetiň gözegçiligine geçirmekden ybaratdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG