Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanyň parlamenti gazak-türkmen serhedini kesgitlemek meselesine seredýär


Türkmenistanyň we Gazagystanyň özara döwlet serhedi

Gazagystanyň parlamenti gazak-türkmen serhedini kesgitlemek meselesine sereder diýip, gazak mediasy 22-nji sentýabrda habar berdi.

Gazagystanyň parlamentiniň aşaky öýine salgylanyp, habar berlişine görä, maslahatyň gün tertibinde deputatlaryň Gazagystanyň gazak-türkmen serhedini kesgitlemek boýunça Türkmenistan bilen ylalaşyga degişli täze tassyklaýjy dokumente seretmegine we wagt möhletini kesgitlemegine garaşylýar.

2017-nji ýylyň 18-nji aprelinde Astanada Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleri strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler we bu ylalaşygyň iki ýurduň arasyndaky serhet meseleleriniň ählisini çözjekdigini aýtdylar.

Türkmenistan Gazagystan bilen özara serhedini ýygy-ýygydan ýapýar. Soňky gezek türkmen häkimiýetleri Aşgabatda 17-27-nji sentýabrda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary bilen baglylykda, 5-nji sentýabrdan başlap 27-nji sentýabrda çenli Gazagystan bilen serhedini ýapdy. Türkmen häkimiýetleri munuň sebäbini ýurduň serhetlerindäki howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek maksady bilen düşündirdi.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň özara serhediniň uzynlygy 379 kilometrden ybarat.

XS
SM
MD
LG