Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň sudy Saakaşwiliniň Ukraina dolanmagyna degişli işi diňläp başlady


Mihail Saakaşwili, Dnipro, 20-nji sentýabr, 2017
Mihail Saakaşwili, Dnipro, 20-nji sentýabr, 2017

Ukrainanyň sudy 22-nji sentýabrda Mihail Saakaşwiliniň Ukraina dolanmagyna degişli iş boýunça diňlenişige başlady. Ukrainanyň häkimiýetleri Saakaşwiliniň 10-njy sentýabrda Ukrainanyň Polşa bilen serhedini bikanun kesip geçendigini aýdýarlar.

Gürjüstanyň öňki prezidenti we Ukrainanyň öňki regional gubernatory Saakaşwili Lwiw şäherinde geçirilen sud diňlenişigine gatnaşmady.

12-nji sentýabrda Ukrainanyň polisiýasy Saakaşwiliniň Lwiw şäherinde ýerleşen myhmanhanasyna baryp, oňa döwlet serhedini bozandygy hakynda resminama gowşurdy.

Şondan bäri Saakaşwili onuň öz sözlerine görä, özüne goldaw tapmak we Ukrainada syýasatçylary gymyldatmak üçin Ukraina syýahat etdi, şol sanda Kiýewe bardy.

Ukrainanyň baş prokurory Saakaşwiliniň tussag edilmejegini we Gürjüstana tabşyrylmajagyny aýtdy. Saakaşwili 2004-2013-nji ýyllarda prezident bolan döwrüne degişli korrupsiýa bilen bagly işiň esasynda Gürjüstan tarapyndan gozlenýär.

XS
SM
MD
LG