Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň öňki resmisi çakdan aşa uly toý tutandygy üçin sud edilýär


Täjik toýy
Täjik toýy

Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň ozalky başlygy toý-ýas we beýleki maşgala üýşmeleňlerine harçlanýan harajatlary çäklendirýän kanuny bozandygy üçin sud edilýär.

Saifiddin Nazarzoda ýurduň täzelikde üýtgedilen kanuny esasynda wezipesinden boşadylan we sud edilýän ilkinji resmi bolup durýar.

Nazarzoda 21-nji sentýabrda başlanan sud diňlenişiginde oglunyň toýundan soňky ertirlik üýşmeleňine çagyrylan adamlaryň sanynyň Täjigistanda girizlen kanun çäklendirmesinden geçýändigini ret etdi.

Nazarzoda suda Korrupsiýa garşy döwlet komitetiniň wekilleriniň ertirlik üýşmeleňine çagyrylman gelendiklerini, ol ýerde nahar iýendiklerini we üýşmeleňi ýazgy edendiklerini gürrüň berdi.

Bu ýazgy soňra Nazarzoda 15-nji awgustda wezipesinden boşadylmazyndan öň,döwlet TW-sinde görkezildi. Nazarzoda häkimiýetleriň şol bir myhmanlary dürli ýerden ýazgy edip, toýda has kän myhman bolan ýaly galp täsir döredendiklerini aýdýar.

XS
SM
MD
LG