Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran, duýduryşa garamazdan, täze ballistik raketany synag edendigini aýdýar


“Horramşahr” raketasy
“Horramşahr” raketasy

Eýran, Waşingtonyň bu meselede baglaşylan düýpli ylalaşykdan ýüz öwürmäge taýýardygyny duýdurmagyna garamazdan, täze ballistik raketany üstünlikli synag edendigini aýdýar.

Döwlet eýeçiligindäki IRIB “Horramşahr” raketasynyň synag üçin atylyşynyň ýazgysyny efire berdi. Bu raketa ilkinji gezek Tähranda 22-nji sentýabrda ýokary derejede guralan harby paradda görkezildi.

"Bu Eýranyň 2 müň km aralyga ýetýän üçünji raketasy” diýip, telewideniýäniň diktory 23-nji sentýabrda efire berlen wideoýazgyda aýtdy. Eýran resmileri 22-nji sentýabrda onuň basym synag ediljekdigini aýdan hem bolsalar, döwlet TW-si bu synagyň haçan geçirilendigini aýtmady.

Waşington Eýranyň ballistik raketa synaglarynyň BMG-niň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny tassyklan rezolýusiýasyna tersgelýändigini aýdyp,Tährany ýadro ýaragyny götermäge ukyply raketalar babatdaky synaglaryny togtatmaga çagyrdy. Tähran öz raketalarynyň ýadro ýaragyny götermäge niýetlenmändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG