Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German saýlawçylary milli saýlawlarda ses berýärler


Angela Merkel we Martin Şuls saýlaw plakatlarynda
Angela Merkel we Martin Şuls saýlaw plakatlarynda

German saýlawçylary milli saýlawlarda ses berýärler. Bu saýlawlaryň kansler Angela Merkele taryhy dördünji möhleti bermegine, şeýle-de Ikinji Jahan urşundan bäri ilkinji gezek aşa sag-ganat partiýany parlamente getirmegine garaşylýar.

24-nji sentýabrdaky ses berişligiň öňünden geçirilen pikir soramalarda Merkel bilen onuň konserwatiw Hristian demokratik partiýasy hem-de Bawar Hristian sosial birleşigi görnetin öňdeligi eýeledi.

Merkeliň esasy garşydaşy sosial demokrat Martin Şuls (Schulz) bolup durýar. Olaryň ikisi-de, pastoryň gyzy bolan Merkel-de, Şuls-da Germaniýanyň gündogar, kommunist böleginde kemala geldi we saýlawçylary sag-ganat populist AFD-dä, Germaniýa üçin alternatiwa garşy durmaga çagyrdy.

AfD, pikir soramalaryň netijesine görä, jemgyýetçiligiň 10-dan 13 prosentine çenli goldawyny alyp, parlamentde orun aljaga çalym edýär.

Azat demokratik partiýa hem 8-11 prosent aralygyna goldaw alyp, parlamente girip biljege meňzeýär.

XS
SM
MD
LG