Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan we Hindistan Nýu-Ýorkda bir-birini terrorçylykda aýyplaýar


Hindistanyň daşary işler ministri Suşma Swaraj, arhiw suraty.
Hindistanyň daşary işler ministri Suşma Swaraj, arhiw suraty.

Pakistan we Hindistan Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynda bir-birini döwlet howandarlygyndaky terrorizmde aýyplaýar.

Soňky gep atyşykda Pakistan Hindistanyň Yslamabada bildiren aýyplamasyna gaharly gaýtawul berip, Hindistanyň özi Günorta Aziýada “terrorçylygyň enesi” diýdi.

Bu aýyplama Pakistanyň BMG-däki ilçisi Maleeha Lodhi tarapyndan bildirildi.

Ol 23-nji sentýabrda Hindistanyň daşary işler ministri Suşma Swaraj BMG-niň Baş Assambleýasyna ýüzlenip, Pakistan “terrorçy zawody” diýeninden we bu ýurdy “terrorystan” diýip atlandyrandan soň çykyp gürledi.

Hindistan Yslamabady Pakistanyň territoriýasyndan Hindistanyň howpsuzlyk güýçlerine hüjüm etmek üçin hindi dolandyryşyndaky Kaşmire sümüp giren yslamçy jeňçilere tälim bermekde aýyplady.

Pakistan bu aýyplamany ret edýär.

XS
SM
MD
LG