Ýüzlerçe oppozisiýa aktiwisti Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda korrupsiýa garşy ýygnanyşyga gatnaşdy. Hökümet tarapyndan ygtyýar berlen ýygnanyşyk Demokratik güýçleriň milli geňeşi tarapyndan guraldy. Bu gurama Azerbaýjanyň oppozisiýa güýçlerini bir ýere jemleýär.
Baku polisiýasy 23-nji sentýabrdaky proteste gatnaşanlaryň 1500 çemesi adam bolandygyny aýtdy, emma guramaçylar hakykatda oňa gelenleriň resmi sanda görkezilýänden has kändigini aýtdylar.
Azerbaýjanyň “Turan” habar gullugy Bakuwyň Ýasamal etrabynda guralan mitinge müňlerçe adamyň gatnaşandygyny habar berdi.
“Halkdan ogurlanan puly yzyna gaýtar” diýen şygar astynda geçirilen ýygnanşyk halkara žurnalistler we korrupsiýa garşy aktiwistler toparynyň azerbaýjan döwlet resmileriniň pul ýuwuş operasiýalary diýilýän barada çap eden täze derňew hasabatynyň yz ýanyna gabat geldi.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!