Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa: Merkel saýlawlardaky şowsuzlykdan soň koalisiýa üçin partnýor gözleýär


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Berlin, 24-nji sentýabr, 2017
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, Berlin, 24-nji sentýabr, 2017

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel öz ýolbaşçylygyndaky konserwatiw Sosial-hristian bileleşikler toparynyň (CDU/CSU) milli saýlawlarda garaşylyşyndan az goldaw toplamagynyň yzýany, 25-nji sentýabrda özüne koalisiýa üçin partnýor gözleýär.

Şeýle-de, saýlawlar Germaniýa üçin alternatiwa (AfD) atly aşa sagçy partiýa üçin soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ilkinji gezek parlamentiň düzümine girmäge mümkinçilik döretdi.

Merkeliň diňe “Hristian Demokratik bileleşigi (CDU) täze hökümetiň düzümine girmegi başardy.

Emma Merkeliň 2013-nji ýyldan bäri partnýory merkezçi-çepçi (SDP) partiýasy saýlawlardaky şowsuzlykdan soň oppozisiýa geçýändigini yglan etdi.

Saýlawlaryň netijesinde Angela Merkel we onuň ýaranlary biznesi goldaýan Erkin demokratlar we çepçi “Ýaşyllar partiýasy” bilen üç taraplaýyn koalisiýany düzmegiň mümkinçiliklerini öwrenýärler.

XS
SM
MD
LG