Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan 1-nji oktýabrdan raýatlaryň nagt daşary ýurt puluny satyn alyp biljegini aýdýar


Özbegistanyň Merkezi Banky, Daşkent

Özbegistanyň hökümeti 1-nji oktýabrdan başlap raýatlara nagt daşary ýurt puluny satyn almaga rugsat beriljegini aýdýar. Şeýle mümkinçiligiň Özbegistanyň 1991-nji ýylda öz garaşlygyny yglan edenden soňky döwürde ilkinji gezek döredilýändigi aýdylýar.

Premýer-ministr Abdulla Aripow bu özgerişlik barada 23-nji sentýabrda yglan etdi.

Bu çäre Özbegistanyň hökümetiniň çärýek asyr ýurdy dolandyran awtokrat prezident Yslam Kerimowyň ölüminden soňky döwürde ýurdy üzňelikden çykarmak boýunça ädýän ädimleriniň biridir.

5-nji sentýabrda Merkezi Bank özbek somunyň dewalwasiýasyny, ýagny onuň daşary ýurt walýutasy babatyndaky hümmetini gowşatdy. Netijede, resmi kursa görä, bir amerikan dollarynyň 4210 somdan 8100 soma çenli üýtgemegine ýol berildi.

Ýurduň öňki prezidenti Kerimowyň milli puluň hümmetiniň amerikan dollaryna gatnaşygyny uzak wagtlap saklamagy, ýurtda walýuta alyş-çalyşygynyň “gara bazarynyň” döremegine getiripdi.

XS
SM
MD
LG