Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly sportsmenleriň 'Aşgabat 2017' oýunlaryna Belarusda taýýarlanandygy aýdylýar


Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Aşgabat, 23-nji sentýabr, 2017
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Aşgabat, 23-nji sentýabr, 2017

Türkmenistanly sportsmenleriň şu günler Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlanmak üçin öz türgenleşiklerinde Belarusyň sport bazalaryndan peýdalanandygyny belarus mediasy habar berýär.

“Türkmenistanly atletler Belarusyň sport bazalarynda birnäçe ýyl bäri taýýarlanýarlar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyklaryň dowamynda Belarusdaky sport bazasynyň ulanylmagy aktiwleşdi. Türkmen tarapynyň “Staýki” olimpiýa sport toplumy bilen ýakyn aragatnaşygy ýola goýuldy. Belarusyň Bedenterbiýe boýunça döwlet uniwersiteti Türkmenistan üçin bedenterbiýe we sport ugurlardan kadrlary taýýarlamagy amala aşyrýar. Şu günki gün ýokary okuw jaýynda bu ýurduň 60-dan gowrak raýaty okaýar” diýip, Belta informasion agentligi Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Oleg Tabanýuhowyň sözünden sitata getirýär.

Türkmenistanyň resmi mediasy 17-27-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen sportsmenleriniň birinji ýerde barýandygyny habar berýär. Aziýa oýunlarynyň resmi websaýtynda türkmen sportsmenleriniň jemi 211 medal, şol sanda 79 sany altyn, 58 kümüş we 74 bürünç medal gazanandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG