Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýarlyk bildirdiler


Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Aşgabatda geçirilen regional duşuşygynda, 2-nji maý, 2017

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri regionda terrorizm we ekstremizm howpuna garşy bilelikde göreşmäge taýýarlyk bildirdiler diýip, Gazagystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp media serişdeleri habar berdiler.

Maglumatlara görä, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde Nýu Ýorkda geçiren duşuşygynyň netijesinde şeýle beýanat bilen çykyş edipdir.

Şeýle-de, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady, transport, gumanitar, zähmet migrasiýasy, suwdan peýdalanmak we neşe gaçakçylygyna garşy göreş boýunça ugurlaryny güýçlendirmäge gyzyklanma bildirdiler diýlip habar berilýär.

XS
SM
MD
LG