Sepleriň elýeterliligi

Krymyň sudy krym tatarlarynyň lideri Ilmi Umerowy separatizmde aýyplady


Krym tatarlarynyň saýlanýan wekilçilik organy Mejlisiň başlygynyň orunbasary Ilmi Umerow

Orsýetiň gözegçiligindäki Krym ýarymadasynyň sudy 27-nji sentýabrda krym tatarlarynyň lideri Ilmi Umerowy separatizmde aýyplady. Günbatar Umerowa garşy gozgalan işi syýasy matlaply atlandyrdy.

Simferepolyň Orsýet tarapyndan bellenen sudy Umerowy iki ýyl möhletli sürgün koloniýasyna höküm etdi.

Krym tatarlarynyň saýlanýan wekilçilik organy Mejlisiň başlygynyň orunbasary Umerow 2014-nji ýylda Orsýetiň Krymy Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagyny we yzýany ýerli krym tatarlaryna basyş görkezmegini açyk tankyt edipdi. 2016-njy ýylyň awgust aýynda Krymyň Orsýet tarapyndan bellenen häkimiýetleri Umerowy ruhy keseller hassahanasyna ýerleşdiripdi. “Human Rights Watch” guramasy bu ýagdaýy “adam hukuklarynyň ýowuz depelenmegi” diýip atlandyrypdy.

Umerow özüni “diňe Ukrainanyň raýaty” hasap edýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG