Sepleriň elýeterliligi

Kandaharda hüjüm zerarly Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň 12 wekili wepat boldy


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattisiň we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenbergiň 27-nji sentýabrda Kabula eden ýokary derejeli saparynyň dowamynda gozgalaňçylar Kabulyň aeroportuny raketadan oka tutdular, 27-nji sentýabr, 2017

Owganystanyň Kandahar welaýatynda janyndan geçen hüjümçiniň içi partlaýjy serişdeli Humvee ulagyny partlatmagynyň netijesinde howpsuzlyk güýçleriniň 12 wekiliniň wepat bolandygyny 28-nji sentýabrda polisiýa habar berdi.

Maroof etrabynda hökümetiň we polisiýanyň edara jaýlaryna edilen bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” topary öz üstüne aldy.

“Talyban” Maoof etrabynyň merkezini ele salandygyny aýtdy. “Talybanyň” bu beýanatyny Kandaharyň polisiýasynyň metbugat-wekili Zia Durni, welaýatyň welaýat geňeşiniň agzalary Haji Agha Lali Dastgiri we Haji Saýed Jan Hakrezwal ret etdiler.

Humvee kysymly müňlerçe ulag ABŞ-nyň harbylary tarapyndan owgan goşunyna berildi.

“Talyban” bu gymmat bahaly harby ulaglarynyň ençemesini soňky ýyllarda ele saldy. ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattisiň we NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenbergiň 27-nji sentýabrda Kabula eden ýokary derejeli saparynyň dowamynda gozgalaňçylar Kabulyň aeroportuny raketadan oka tutdular.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini Talyban” we “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldylar.

XS
SM
MD
LG