Adam hukuklaryny goraýjy toparlar we aktiwistler soňky hepdelerde Azerbaýjanda onlarça geýiň tussag edilendigini 28-nji sentýabrda habar berdi we olaryň dessine boşadylmagyny talap etdi.
Azerbaýjanyň jynsy azlyklarynyň (LGBT) “Nefes” atly bileleşiginiň prezidenti Jawid Nabiýew, Facebook sosial ulgamynda ýerleşdirilen wideoda polisiýanyň adamlary 30 güne çenli tussaglyk möhleti bilen saklandygyny we olardan geýleriň, transgenderleriň we beýleki jynsy azlyklaryň atlary we ýerleşýän ýerleri barada maglumat talap edipdir. Onuň sözlerine görä, polisiýa jynsy azlyklaryň wekillerini “ahlaksyzlygyň we howply keselleriň çeşmesi” we “hudaý tarapyndan näletlenen” diýip atlandyrypdyr.
Ýerli aktiwistler azyndan 50 geýiň we transeksual adamyň soňky iki hepdäniň dowamynda hususy jaýlarda, metro stansiýalarynda, LGBT klublarynda we Bakudaky barlarda geçirilen reýdleriň netijesinde tussag edilendigini aýtdy.
Şwesiýada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýan “Raýat hukuklarynyň goraýjylary” atlygurama tussag edilenleriň sanynyň ýüzlerçe adama ýetmeginiň ähtimaldygyny aýtdy we tussaglaryň köpüsiniň jynsy azlyklarynyň beýleki wekilleriniň atlaryny berenlerinden soň boşaylandygyny habar berdi.
Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi polisiýanyň “seksual azlyklara” basyş etmegini we kemsitmegini ret etdi we reýdleriň ten söwdasyna garşy çäreleriň çäginde amala aşyrylandygyny aýtdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?