Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz protestçileri adalatly we arassa saýlaw talap etdiler


 Garaşsyz parlament deputaty Žanar Akaýew
Garaşsyz parlament deputaty Žanar Akaýew

Gyrgyz paýtagtynda saýlaw kampaniýasy mahalynda ýol berilýän bidüzgünçiliklere, şol sanda parahorluga we “adminstratiw serişdeleriň” ulanylmagyna garşy protest bildirmek üçin müň çemesi adam toplandy.

Protesti gurnan aktiwistler syýasy kandidatlaryň we partiýalaryň öz resmi baglanyşyklaryny saýlawçylara, hususan-da döwletde işleýän ses berijilere basyş üçin ulanýandyklaryny aýdýarlar.

Gyrgyzystan häzir 15-nji oktýabrda geçiriljek prezident saýlawlarynyň saýlaw kampaniýasynyň ortasynda ýerleşýär.

Başda 500 çemesi protestçi Bişkegiň merkezi meýdançasyna, “Adalatly saýlawlar üçin” geçirilýän ýygnanyşyga gatnaşmaga geldi we soň olara ýene ýüzlerçe adam goşulyp, olar bilelikde şäheriň Botanika bagyna tarap ýöriş etdiler.

"Biz diňe bir missiýa üçin toplandyk: biz adalatly we arassa saýlaw talap edýäris. Biz parahorluga we adminstratiw resurslara garşy” diýip, garaşsyz parlament deputaty Žanar Akaýew žurnalistlere aýtdy.

XS
SM
MD
LG