Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleri gepleşik geçirerler


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (ç), Soçi, 1-ni noýabr, 2016

2-nji oktýabrda Aşgabatda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda gepleşikler geçiriler.

Wladimir Putiniň Aşgabada resmi saparynyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça amala aşyrylýandygy habar berilýär.

Gepleşikleriň dowamynda döwletara, regional we halkara meseleleriniň maslahat edip, “ileri tutulýan ugurlardan özara bähbitli partnýorlygy ösdürmek” boýunça dokumentleriň uly toplumyna gol çekilmegine garaşylýandygyny TDH agentligi habar berdi.

Wladimir Putiniň sapary Orsýetiň mobil aragatnaşyk boýunça iri operatory MTS-iň Türkmenistandaky hyzmatlarynyň kesilmeginiň yzýanyna gabat geldi. 1994-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işlän MTS 29-njy sentýabrda öz hyzmatlarynyň “Türkmentelekom” kompaniýasy tarapyndan kesilendigini mälim etdi. Kompaniýa Türkmenistanda 1 million 700 müň müşderisiniň bardygyny aýdýar.

Putin Orsýetiň prezidenti wezipesinde Türkmenistana soňky gezek 2012-nji ýylyň dekabrynda sapar edipdi. Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleri soňky gezek 2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Soçide duşuşypdy.

XS
SM
MD
LG