ABŞ-nyň Orsýetdäki täze ilçisi Jon Huntsman Moskwa bardy. ABŞ-nyň ilçihanasynyň metbugat-wekili Maria Olsen Huntsmany we onuň aýaly May Kaye Huntsmany Twitter ulgamynda gutlady.
Huntsman 3-nji oktýabrda Kremlde geçiriljek dabarada prezident Wladimir Putine öz ynam hatlaryny ýetirer diýip, Orsýetiň prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow aýtdy.
57 ýaşly Huntsman 2009-2011-nji ýyllarda ABŞ-nyň Hytaýdaky we 1992-1993-nji ýyllarda Singapurdaky ilçisi bolupdy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Huntsmany Orsýete ilçi edip bellemegi 28-nji sentýabrda Senatda biragyzdan tassyklandy.
Huntsmanyň ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasyna ýolbaşçy bolmagy, ABŞ-nyň we Orsýetiň aragatnaşyklarynyň dartgynly wagtyna gabat geldi. Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy, Siriýadaky hereketleri, şeýle-de ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň sözlerine görä, 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmagy ýaly meseleler bilen baglylykda iki ýurduň gatnaşykary ýaramazlaşdy.
ABŞ-nyň Orsýetdäki ozalky ilçisi John Tefft ABŞ-nyň we Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň “ýene bir pes derejä” ýetendigini 28-nji sentýabrda “The Moscow Times” neşrinde çap bolan makalasynda aýtdy.