Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew gyrgyz-özbek serhediniň 85%-ni kesgitlemek barada kanuna gol çekdi


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew (s) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (ç), Bişkek, 5-nji sentýabr, 2017
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew (s) we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew (ç), Bişkek, 5-nji sentýabr, 2017

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew ýurdunyň Özbegistan bilen arasyndaky 1280 kilometrlik serhediniň 85%-ni kesgitlemek barada kanuna gol çekdi.

2-nji oktýabrda gol çekilen kanuna görä, iki sany öňki sowet ýurdunyň arasyndaky 1170.53 kilometrlik serhet häzirki wagtda doly kesgitlenen hasaplanylýar

Merkezi Aziýanyň bu iki ýurdunyň arasyndaky serhet problemasy olaryň 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzýany yglan eden garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri saklanyp gelýär.

Ýurtlaryň serhet ýakasynda konfliktleriň ençemesi döräpdi, şol sanda ok atyşyklar we zorluklar emele gelipdi.

Gyrgyz-özbek serhediniň 85%-ni kesgitlemek boýunça ylalaşyk 5-nji sentýabrda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Gyrgyzystana saparynyň dowamynda baglaşylypdy. Gyrgyzystanyň parlamenti ylalaşygy 28-nji sentýabrda tassyklapdy. Heniz kesgitlenmän dawaly bolmagynda galýan serhet bölekleri Özbegistanyň Gyrgyzystandaky Soh we Şahimardan territoriýalaryna we Gyrgyzystanyň Özbegistandaky Barak eksklawyna degişli.

XS
SM
MD
LG