Sepleriň elýeterliligi

Kreml Huntsmanyň Orsýet-ABŞ gatnaşyklaryny gowulandyrjagyna umyt baglaýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we ABŞ-nyň Orsýetdäki täze ilçisi Jon Huntsman (ç), Moskwa, 3-nji oktýabr, 2017

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili ABŞ-nyň Orsýetdäki täze ilçisi Jon Huntsmanyň Moskwanyň we Waşingtonyň arasynda ýaramazlaşan gatnaşyklary gowulandyrmaga ýardam berjegine Kremliň umyt baglaýandygyny aýtdy.

“Sübhesiz täze ilçiniň ýolbaşçylygynda ... Moskwadaky amerikan diplomatik missiýasynyň biziň gatnaşyklarymyzyň dikeldilmegine agramly goşant goşjagyna umyt baglaýarys” diýip, Dmitriý Peskow 3-nji oktýabrda aýtdy.

Peskow bu çykyşyny Huntsmanyň we beýleki ilçileriň öz diplomatik ygtyýarnamalaryny Putine gowşurmagy boýunça dabaranyň öňýanynda etdi.

Peskow Moskwanyň we Waşingtonyň aragatnaşyklaryndaky kynçylyklarynda Birleşen Ştatlary aýyplady.

ABŞ-nyň we Orsýetiň aragatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagy Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy, Siriýadaky hereketleri, şeýle-de ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň sözlerine görä, 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmagy ýaly meseleler bilen bagly boldy.

XS
SM
MD
LG