Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Gürjüstanyň paýtagtynda dükan açdy


Türkmen tahýalary
Türkmen tahýalary

Gürjüstanyň paýtagtynda türkmen dükany açyldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň resmi beýanatyna görä, “Türkmenistan” atly dükan 30-njy sentýabrda açylyş dabarasy bolan “Tbilisi Sea Plaza” atly halkara söwda merkeziniň binasynda ýerleşýär.

Türkmenistanyň Gürjüstandaky ilçihanasynyň aktiw ýardamy bilen açylan “Türkmenistan” dükany dokma senagat önümlerini, haly we sowgatlyk harytlary hödürleýär.

Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistan we Gürjüstan özara bähbitli partnýorlygy çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge taýýarlyk bildiripdi. Iki ýurduň esasy gyzyklanma bildirýän ugurlarynyň arasynda Hazar we Gara deňzi regionlarynyň arasynda transport-tranzit infrastrukturasyny döretmek boýunça proýektler we energiýa hyzmatdaşlygy agzalýar.

Şeýle-de, Gürjüstan özüniň Günorta-Kawkaz transport-energiýa ýolunyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, Hazar regionynyň energiýa serişdeleriniň eksportunyň öz giňişliginden howpsuz tranzitini üpjün etmäge taýýardygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG