Sepleriň elýeterliligi

Wenesuelanyň prezidenti Maduro Orsýete sapar edýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) we Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro (ç), Tähran, 23-nji noýabr, 2015.

Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduronyň Moskwada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Kremliň mälim etmegine görä, Maduronyň we Putiniň 4-nji oktýabrdaky gepleşikleri “iki ýurduň arasynda dürli ugurlardan ösüşe we strategik partnýorlyga”, şeýle-de halkara we regional meselelere gönükdiriler.

Öz ýurdunda protestçiler we halkara derejesinde günbatar hökümetleri tarapyndan barha has awtoritar bolmakda aýyplanýan Maduro Orsýetde Energiýa konferensiýasyna gatnaşar.

Wenesuela öňki sosialist lider Ugo Çawesiň döwründe Orsýet bilen dostlukly gatanşyk saklady. Çawes we Maduro ABŞ-nyň garşydaşlary hasaplanylýar.

Wenesuela Orsýetiň Rosneft kompaniýasynyň daşarky çig mal çeşmesidir, Rosneft, bolsa, Wenesuelanyň döwlet nebit kompaniýasyna goldaw berýär. Şu ýylyň awgust aýynda ABŞ Wenesuelanyň lideri Maduro babatynda sanksiýalary girizdi.

XS
SM
MD
LG