Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýäniň prezidenti Erdogan Eýrana sapar edýär


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (ç) we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (s), Tähran, 4-nji oktýabr, 2017

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ankaranyň we Tähranyň Kürdüstanyň garaşsyzlygy boýunça Yrakda geçirilen referenduma jogap bermegi maslahat edýärkä Eýrana bardy.

Erdogan 4-nji oktýabrda Mehrabad aeroportunda Eýranyň senagat we magdançylyk ministri Mohammad Şariatadari tarapyndan kabul edildi.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohaniniň Erdogany kabul etjegi habar berildi. Erdoganyň Eýrana saparynyň dowamynda Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Türkiýe we Eýran regionyň birnäçe döwleti, şol sanda Yrak bilen bilelikde garaşsyz Kürdüstan döwletiniň döremegine garşy çykyş edýärler.

Siriýany demirgazygynda müňlerçe guryýer goşunyny ýerleşdiren Türkiýe öz serhetleriniň golaýynda kürt döwletiniň döremegine ýol bermejegini duýdurdy.

Yragyň hökümeti Kürdüstan regionynyň hökümetiniň 25-nji sentýabrda geçiren referendumynyň netijelerini ret etmegi talap etdi, bolmasa, sanksiýalara, halkara üzňeligine we mümkin harby basyşa sezewar ediljegini duýdurdy.

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Kürdüstan regionynda geçirilen referendumda ses beren 3.3 million adamdan 95%-niň Kürt awtonom regionynyň garaşsyz bolmagyny oňlandygy habar berildi. 3-nji oktýabrda regionyň resmileri 1-nji noýabrda parlament we prezidentlik saýlawlaryny geçirmäge çagyrdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG