Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mattis ABŞ-nyň Pakistan bilen “ýene bir gezek” işleşmäge synanyşjakdygyny aýtdy


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis wekiller öýüniň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň diňlenişiginde, Waşington, 3-nji oktýabr, 2017.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis wekiller öýüniň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň diňlenişiginde, Waşington, 3-nji oktýabr, 2017.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Birleşen Ştatlaryň Pakistanyň söweşiji toparlaryň Owganystandaky hereketlerine güman edilýän goldawy babatynda beýleki çärelere geçmekden ozal Yslamabat bilen işleşmäge “ýene bir gezek” synanyşjakdygyny aýtdy.

Mattis 3-nji oktýabrda wekiller öýüniň Ýaragly güýçler boýunça komitetiniň diňlenişiginde “biziň olar, pakistanlylar bilen strategiýa işini ýene bir amala aşyrmaga synanyşmagymyz gerek, biziň ähli tagallalarymyz başa barmasa, prezident Tramp ähli zerur ädimleri ätmäge taýýar” diýip belledi.

Şeýle-de ol tiz wagtda Yslamabada sapar etjegini mälim etdi, emma detallary bermedi.

Prezident Donald Tramp awgust aýynda Owganystan boýunça täze strategiýasyny mälim edip eden çykyşynda, Birleşen Ştatlaryň Pakistanyň serhedinde ekstremistler üçin gaçybatalgalary ýok etmek boýunça Yslamabada goşmaça basyş etjegini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG