Sepleriň elýeterliligi

Amnesty International: Ýewropa ýurtlary müňlerçe owganystanlyny howp astyna saldy


Germaniýadan deportasiýa edilen bosgun Owganystana bardy, Kabul, 24-nji ýanwar, 2017.

“Amnesty International” guramasy müňlerçe owganystanlynyň Ýewropanyň hökümetleri tarapyndan howp astyna salnandygyny aýdýar we olaryň öz ýurtlaryna dolanmaga mejbur edilmegi sebäpli, adam hukuklarynyň depelenýändigi, gynamalara, ogurlanmalara we ölüme duçar bolmak ýaly töwekgelçilikleriň astyna düşýändigini belleýär.

Gurama başpena gözläp Ýewropa baran adamlaryň yzyna Owganystana ugradylmagy barada 5-nji oktýabrda çap eden hasabatynda Ýewropanyň liderlerini “halkara kanunlaryny gödek depelemekde” aýyplady.

Hasabatda Ýewropanyň Norwegiýa, Gollandiýa, Şwesiýa we Germaniýa ýaly ýurtlaryndan çykarylan owganlaryň “aýylganç” wakalary barada habar berilip, käbirleriň öldürlendigi, bombaly hüjümlerde ýaralanandygy ýa-da olaryň öz jynsy aýratynlygy sebäpli mydama yzarlanmagyň gorkusynyň astynda ýaşaýandygy aýdylýar. Guramanyň öz hasabaty üçin söhbetdeş bolan adamlarynyň ençemesi Owganystanyň olara üçin nätanyş böleklerine iberilipdir.

XS
SM
MD
LG