Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew 5-nji oktýabrda Daşkentde geçiren duşuşygynda öz ýurtlarynyň has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdylar.
Mirziýoýew Atambaýew bilen gepleşiklerinde Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň “örän gysga wagtyň dowamynda” hyzmatdaşlygyň örän ýokary derejesine ýetmegi başarandygyny belledi.
Mirziýoýew geçen aýda Gyrgyzystana eden saparyndan bäri iki ýuruň arasyndaky serhet geçelgeleriniň ençemesiniň gaýtadan açylandygyny belledi.
Atambaýewiň häzirki saparynyň öňýanynda Mirziýoýew iki ýurtduň arasyndaky 1280 kilometrlik serhediň 85%-tiniň kesgitlenmegi barada karara gol çekdi.
Şuňa meňzeş kanuna Atambaýew 2-nji okýabrda gol çekipdi. Geçen aýda iki ýurduň baştutanlary goňşy ýurtlaryň özara serhedi kesgitlemek barada ylalaşyga gol çekipdi. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzýany serhet meselesi ýurtlaryň gatnaşyklarynda dawaly meseleriň biri bolupdy.
"Harby borçlulyk we harby gulluk barada" kanuna laýyklykda, 27 ýaş şerti heniz hem öz güýjini goraýar.
Öýsüz itler sebäpli, birnäçe çagalary it ýarýar. Näme üçin şol zatlar barada ýazmaýarsyňyz. Näçe çaga şol itler sebäpli aradan çykdy.