Sepleriň elýeterliligi

Ýewropanyň parlamenti Orsýetiň tussag eden krym ýaşaýjylaryny boşatmagyny talap etdi


Žurnalist Mykola Semena we krym tatarlarynyň lideri Ilmi Umerow, 22-nji sentýabr, 2017

Ýewropanyň parlamenti Orsýetiň Moskwanyň Krymy öz düzümine goşmagyna garşy çykan onlarça krym ýaşaýjysyna garşy çykaran kararlaryny ýazgarýan we türmedäki adamlary boşatmagy talap edýän rezolýusiýany kabul etdi.

Parlament 5-nji oktýabrda kabul edilen rezolýusiýasynda Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagyna garşylyk bildiren Krym tatarlarynyň 50 çemesine kesilen işleri berk tankyt etdi.

Rezolýusiýada Krymyň Orsýet tarapyndan bellenen sudunyň krym tatarlarynyň liderleri Ilmi Umerow we Ahtem Çiýgoz babatynda, şeýle-de krymly žurnalist Mykola Semena babatynda çykaran kararlaryny ýazgaryp, olaryň “dessine we şertsiz boşadylmagyny” talap etdi.

Ýewropanyň kanun çykaryjylary Ýewropa Bileleşigini Umerowyň, Çiýgozyň we Semenanyň tussaglygyna jogapkär Krymyň we Orsýetiň resmilerine garşy sanksiýalary girizmäge ündedi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen işleşen Semena 25-nji sentýabrda separatizm bilen bagly aýyplamalaryň esasynda 2.5 ýyllyk şertli tussaglyga höküm edildi we oňa žurnalistika işi bilen meşgullanmak gadagan edildi.

XS
SM
MD
LG