2017-nji ýylyň parahatçylyk boýunça Nobel baýragy ýadro ýaragyny ýok etmek ugrundaky halkara kampaniýasyna (ICAN) berildi.
Norwegiýanyň Nobel komiteti baýragy bermek boýunça kararyny 6-njy oktýabrda Osloda yglan etdi.
Ýadro ýaragyna garşy topar baýraga “betbagtçylykly gumanitar netijelerine ünsi çekmek boýunça alyp baran işi, şeýle-de bu ýaraglaryň ylalaşyklara esaslanan gadagançylygy durmuşa geçirmek boýunça düýpli tagallalary” üçin mynasyp boldy diýip, komitetiň prezidenti Berit Reiss-Andersen aýtdy.
ICAN atly raýat jemgyýetçiliginiň koalisiýasy Ýadro ýaraglaryny gadagan etmek boýunça ylalaşygyň doly berjaý edilmegini gazanmak boýunça basyş etmek ugrunda iş alyp barýar. 2007-nji ýylda düýbi tutulan bu herekete dünýäniň 101 ýurdundan 468 sany gurama girýär.
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň berilmegi Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasynyň daşyndaky dartgynlylygyň güýçlenen wagtyna gabat geldi.