Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: ýol hadysasynda azyndan 14 adam wepat boldy


Pakistan ýoly

Pakistanyň günorta-günbatarynda 7-nji oktýabrda bolan ýol hadysasynda, ýolagçy gatnadýan kiçi awtobus bilen awtobusyň çakyşmagy netijesinde azyndan 14 adam wepat boldy, 27 adam ýaralandy.

Awtobus Kwettadan Mastung etrabynyň golaýyndaky piknik meýdançasyna studentleri alyp barýan eken.

Ýerli resmiler bu hadysanyň Bulujystanyň paýtagty Kwettanyň golaýynda bolandygyny, kiçi awtobusyň sürüjisiniň ýokary tizlik sebäpli rula erk edip bilmän, garşydan gelýän awtobus bilen çakyşandygyny aýtdylar.

Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugy ölenleriň ählisiniň, arasynda çagalar hem bar, kiçi awtobusyň ýolagçylary bolandygyny, uly awtobusyň ýolagçylary bolan studentleriň ýaralanmak bilen gutulandygyny habar berýär.

XS
SM
MD
LG