Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täze alnan 500 kombaýna garamazdan, Türkmenistanda ýygymyň depgini pesligine galýar


Türkmenistan. Pagta ýygýan maşyn

Türkmenistan şu ýylyň dokuz aýynda Özbegistandan 500 sany pagta ýygýan kombaýn satyn aldy.

Фергана” habar gullugynyň “Газета.Uz” saýtyna salgylanyp ýazmagyna görä, Özbegistan 2017-nji ýylda 550 sany pagta ýygýan maşyn öndürdi we olaryň 50-sinden başgasy Türkmenistana eksport edildi.

Bu maglumat wise-premýer, “Uzagrotehsanoatholding” kompaniýasynyň prawleniýesiniň başlygy Hodir Otojanowyň özbek parlamentiniň 12-nji mejlisinde aýdan sözlerine esaslanýar.

Şeýle-de Otojanow Özbegistanyň geljek ýyl 3000 sany pagta ýygýan maşyn öndürjekdigini, olaryň 600 sanysynyň daşary ýurtlara satyljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow şu aýyň başynda ýurtdaky pagta ýygymynyň depgininiň pesdigini boýun aldy. Ol munuň sebäbini pagta meýdanlaryna pagta ýygýan maşynlaryň az çykarylmagynda görýär.

Şu ýyl Özbegistandan satyn alnan 500 kombaýndan başga, Türkmenistanda mundan öňki ýyllar satyn alnan tehnikalar hem bar. Şol bir wagtda, ýerli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, ýurduň dört welaýatynda ýetişdirilýän pagta haslyny el güýji, hususan-da býujet işgärleriniň mejbury zähmete çekilmegi bilen ýygmak dowam edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG