Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozisiýa aktiwistleri Bakuwda korrupsiýa garşy protest bildirdiler


Baku, protestçiler. Arhiw suraty

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda korrupsiýa garşy guralan ýygnanyşyga ýüzlerçe aktiwist gatnaşdy.

7-nji oktýabrdaky protest Demokratik güýçleriň milli geňeşi - Azerbaýjanyň oppozisiýa güýçlerini bir ýere jemleýän gurama tarapyndan gurnaldy.

Baku polisiýasy beýanat çap edip, oňa 1200 çemesi adamyň gatnaşandygyny aýtdy. Azerbaýjanyň “Turan” habar gullugy Ýasamal etrap stadionynda bolan ýygnanyşyga müňlerçe adamyň gatnaşandygyny habar berdi.

Protestçiler “Korrupsiýany bes et!” we “Syýasy tussaglara azatlyk” diýen şygarlara gygyrdylar.

Proteste “Halk fronty” partiýasynyň, Halk demokratik partiýasynyň, Milli döwletlilik partiýasynyň, Musawat partiýasynyň ýaşlar guramasynyň, Musulman birleşiginiň we NIDA hereketiniň goldawçylary gatnaşdylar.

Protest mahalynda hiç bir hadysa bolmady. Aktiwistler Azerbaýjanyň hökümetini žurnalistleri, adam hukuklaryny goraýjylary gysmakda aýyplaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG