Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Demirgazyk Koreýa meselesinde ‘diňe bir çäre bar’ diýýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “Demirgazyk Koreýa meselesini çözmekde diňe bir çäre işe ýarar” diýdi, emma ol çäräniň nämedigini anyk aýtmady.

“Prezidentler we olaryň adminstrasiýalary Demirgazyk Koreýa bilen 25 ýyl bäri gürleşýärler, şertnama baglaşýarlar we dünýäniň puluny töleýärler” diýip, Tramp 7-nji oktýabrdaky twitter beýanatynda aýtdy. "Olar derde ýaramady, şertnamalar syýasy guramanka bozuldy we ABŞ gepleşikçilerini samsyk halyna saldy. Bagyşlaň, diňe bir çäre işe ýarar” diýip, Tramp aýtdy.

Ol ozal Birleşen Ştatlar, eger-de özüni we öz ýaranlaryny bu döwletiň ýadro haýbatlaryndan goramak üçin zerur bolsa, Demirgazyk Koreýany “doly weýran eder” diýipdi.

Phenýan, Birleşen Milletler Guramasynyň rezolýusiýalaryna, global ýazgarmalara garamazdan, gaýta-gaýta ýadro we ballistik raketa synaglaryny geçirýär.

XS
SM
MD
LG