Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystan ABŞ-da öndürilen dikuçarlaryň ilkinji tapgyryny aldy


ABŞ-da öndürilen UH-60 Black Hawk (Gara laçyn)

Owganystan Birleşen ştatlardan ABŞ-da öndürilen UH-60 Black Hawk (Gara laçyn) dikuçarlarynyň ilkinji tapgyryny aldy.

Owganystanyň günortasyndaky Kandagar howa meýdanynda guralan dabara owgan prezidenti Aşraf Gani hem gatnaşdy. Ol ilkinji iki dikuçary resmi kabul etmek bilen, olaryň ýurda gelen gününi “taryhy gün” diýip atlandyrdy.

Birleşen Ştatlar, Owganystanyň ganaty gyryk harby-howa güýçlerini düýpli özgertmek tagallalarynyň çäginde, gelýän ýyllarda bu ýurdy 159 sany “Gara laçyn” dikuçary bilen üpjün etmegi planlaşdyrýar.

Owgan howpsuzlyk güýçleri 2014-nji ýylda NATO goşunlarynyň aglaba köplügi ýurdy terk edeli bäri “Talybany” yzyna serpikdirmek ugrunda darkaş gurýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG