Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bosniýa musulman goşunynyň öňki kommandirini uruş jenaýatlaryndan günäsiz tapdy


Saraýewodaky uruş jenaýatlary boýunça döwlet sudunyň daşynda Naser Oriç. 9-njy oktýabr, 2017 ý.

Bosniýa-Gersegowinanyň sudy 1990-njy ýyldaky konflikt döwründe Srebrenisa sebitindäki Bosniýa musulman goşunynyň komandiri bolan Naser Oriçi uruş jenaýatlary aýyplamalarynda günäsiz tapdy.

Saraýewodaky uruş jenaýatlary boýunça döwlet sudy 50 ýaşyndaky Oriçiň 1992-nji ýylda Srebrenisa sebitindäki uruşda üç etniki serbiň öldürilmegi bilen bagly aýyplamada günäsizdigini yglan etdi. Bosniýa armiýasynyň ýene bir esgeri Sabahudin Muhiç hem bu sud işi bilen bagly günäsiz tapyldy.

Uruşda pida bolan serbleriň dogan-garyndaşlary suduň çykaran kararyna garşylyk görkezip, sud jaýynyň daşynda protest ýörişini geçirdiler.

Oriç 1992-1995-nji ýyllardaky Bosniýa urşy döwründe musulmanlary goramakdaky roly üçin bosniýalylaryň köpüsi tarapyndan gahryman hasaplanylýar. Şol uruş döwründe 100 müňden gowrak adam öldürilipdi.

1995-nji ýylda Srebrenisa Bosniýanyň serb goşuny tarapyndan basylyp alyndy. Bosniýanyň serb goşuny Srebrenisada 8 müňden gowrak musulman erkegi we oglany öldürdi. Bu Ikinji Jahan Urşundan bäri Ýewropada amala aşyrylan iň aýylganç wagşyçylyk hasaplanylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG