Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

‘Gyzyl haç’ halkara komiteti Owganystandaky işlerini ‘düýpgöter’ kemeldýär


“Gyzyl haç” halkara komitetiniň Owganystandaky keselhanalarynyň biri

9-njy oktýabrda “Gyzyl haç” halkara komiteti şu ýyl Owganystandaky hüjümlerde özüniň ýedi işgäriniň öldürilmeginiň yz ýany, ýurtda alyp barýan işlerini “düýpgöter” kemeltjekdigini yglan etdi.

“Gyzyl haç” halkara komiteti 30 ýyldan gowrak wagt bäri Owganystanda hereket edýär we bu ýerde toparyň iň uly dördünji ynsanperwer ýardam programmasy ýerleşýär.

“Gyzyl haç” halkara komitetiniň eden bu çykyşy, Owganystanda hereket edýän ýardam toparlarynyň howpsuzlyk şertleriniň barha ýaramazlaşýandygyna ünsi çekýär.

“Töwekgelçilige garşy göreşmek biziň iň uly problemamyza we meselämize öwrüldi” diýip, “Gyzyl haç” halkara komitetiniň Owganystandaky ýolbaşçysy Monika Zanarelli Kabulda media serişdelerine beren maglumatynda aýtdy.

“Biziň Owganystanda alyp barýan işlerimizi düýpgöter kemeltmekden başga çärämiz ýok” diýip, Zanarelli bu kararyň toparyň, hususanda, ýurduň demirgazygynda alyp barýan işlerine täsir ýetirjekdigini belledi.

Onuň sözlerine görä, toparyň Mazar-i-Şarif we Gunduz sebitlerindäki desgalary doly ýapylar ýa-da göwrümi kiçeldiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG