Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew şu hepde geçiriljek Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy (GDA) sammitine gatnaşmak üçin Russiýa etjek saparyny goýbolsun etdi. Ol munuň sebäbini 15-nji oktýabrda Gyrgyzystanda geçiriljek prezidentlik saýlawlary döwründe ýowuz durnuksyzlygyň bolmak ähtimallygy dogrusynda aladalarynyň bardygy bilen düşündirdi.
9-njy oktýabrda Atambaýewiň metbugat gullugy Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy sammitine gatnaşjak gyrgyz delegasiýasyna ýurduň premýer-ministri Sapar Isakowyň ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy.
“Käbir syýasatçylaryň saýlaw güni jenaýat elementlerini öz içine alýan köpçülikleýin bidüzgünçilikleri planlaşdyrýandygy we bu kandidatlara ýurduň daşyndan maliýe goldawynyň berilýändigi baradaky delilleri nazara alanymyzda, prezident ýurtda howpsuzlygy we tertip-düzgüni üpjün etmek üçin iş saparyny goýbolsun etmek barada karara geldi” diýip, Atambaýewiň edarasy aýtdy.
Bu baradaky karar, Atambaýewiň goňşy Gazagystany prezidentlik kampaniýasyna goşulyşmakda we kandidatlaryň biri Omurbek Babanowa aç-açan goldaw bermekde aýyplamagyndan iki gün soňa gabat geldi.
Atambaýew köpçülikde eden şol çykyşynda gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýewi onlarça ýyl häkimiýet başynda galmakda tankyt etdi.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!