Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow soňky iki hepdede ikinji kitabyny köpçülige hödürledi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" atly kitaby. 9-njy oktýabr, 2017 ý. Ahal

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow soňky iki hepdäniň dowamynda ikinji kitabyny köpçülige hödürledi.

Resmi mediada türkmen lideriniň “täze döreden ‘Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi’ atly kitabyny” 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylara sowgat berendigi habar berilýär.

Ýatladyp geçsek, mundan iki hepdä golaý wagt ozal, ýagny 28-nji sentýabrda Berdimuhamedowyň täze kitabynyň – “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly eseriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň bolandygy habar berlipdi.

12-nji awgustda bolsa, türkmen prezidentiniň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitaby köpçülige hödürlenip, bu eseriň ýurduň Içeri işler ministrliginiň taryhyna hem-de prezidentiň kakasynyň ministrligiň işine goşan şahsy goşandyna bagyşlanandygy aýdylypdy.

Türkmen prezidenti 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geleli bäri 40-dan gowrak kitabyny çap etdirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG