Ispaniýanyň premýer-ministri Mariano Rahoý Kataloniýa awtonom regionynyň liderinden bu sebitde garaşsyzlygyň ykrar edilendigini ýa-da edilmändigini aýdyňlaşdyrmagy resmi taýdan talap etdi.
11-nji oktýabrda geçiren adatdan daşary hökümet ýygnagyndan soň, Rahoý ispan hökümetiniň beýleki çäreleri kabul etmezinden öň, bu meseläniň aýdyňlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi.
10-njy oktýabrda katalan lideri Karles Puigdemont 1-nji oktýabrda geçirilen jedelli referendumyň netijelerine salgylanyp, ondaky gazanylan belent ýeňşiň Kataloniýanyň halkyna Ispaniýadan “garaşsyz döwlet” bolmak hukugyny berendigini we özleriniň “Ispaniýadan Garaşsyzlygyň Jarnamasy” atlandyran resminama gol goýandyklaryny aýtdy.
Çarşenbe güni telewideniýede görkezilen çykyşynda Ispaniýanyň premýer-ministri Rahoý Puigdemontdan Kataloniýa awtonom regionynda garaşsyzlygyň ykrar edilendigini ýa-da edilmändigini aýdyňlaşdyrmagy resmi taýdan talap etdi. Ol munuň ýurduň Konstitusiýasynyň 155-nji maddasyna laýyklykda, hökümetiň islendik çäräni kabul etmegi üçin zerurdygyny aýtdy.