Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa: ‘Roskomnadzoryň’ üç resmisi öý tussaglygyna höküm edildi


Russiýanyň kartasy
Russiýanyň kartasy

Russiýanyň “Roskomnadzor” döwlet agentliginiň resmileri, şol sanda metbugat sekretary şübheli maliýe galplyklary bilen ilteşikli derňewler sebäpli şu aýyň başynda öý tussaglygyna höküm edildiler diýip, Moskwa sudunyň metbugat wekili aýdýar.

Çertanowo etrap sudunyň metbugat wekili Stanislaw Ýežowyň 12-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, “Roskomnadzoryň” metbugat wekili Wadim Ampelonskiýniň we bu gullugyň hukuk bölüminiň başlygy Boris Ýedidiniň bir aýlyk öý tussaglygyna höküm edilmelidigi baradaky karar 5-nji oktýabrda çykaryldy.

Döwlet eýeçiligindäki Esasy radio ýygylyklary merkeziniň direktory Aleksandr Weselçakow hem şol bir möhlet bilen öý tussaglygyna höküm edildi diýip, Ýežow belledi.

Onuň sözlerine görä, gürrüňi edilýän üç adam uly göwrümli maliýe galplygyna gatnaşmakda güman edilýär. Ýežow heniz olaryň hiç birine bu barada aýyplama bildirilmändigini nygtady.

Russiýanyň “Roskomnadzor” döwlet agentligi elektronik medianyň, köpçülikleýin kommunikasiýanyň, informasiýa tehnologiýasynyň we telekommunikasiýanyň federal kanunlaryny berjaý edýändigine ýa-da etmeýändigine gözegçilik edýär.

XS
SM
MD
LG