Sepleriň elýeterliligi

Trampyň Eýran ylalaşygyny berkitmek strategiýasy Kongresde nämälimlige duçar bolýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň ýadro ylalaşygy barada gürleýär. Waşington, 13-nji oktýabr, 2017.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Eýranyň ýadro ylalaşygy babatdaky kanunçylygy berkitmeklige gönükdirilen çagyryşy kongresde nämälim gelejek bilen ýüzbe-ýüz bolýar, ýogsa öňbaşçy respublikan senatorlar bu işi goldamak üçin öňe-de çykdylar.

"Men öz adminstrasiýamy bu ylalaşygyň köp sanly çynlakaý bärdengaýtmalary meselesini çözmekleri we Eýran režiminiň hiç wagt dünýä ýadro ýaragy bilen wehim salyp bilmezligi üçin, kongres we biziň ýaranlarymyz bilen, ýakyndan işleşmäge gönükdirýärin” diýip, Tramp Eýranyň Ýakyn Gündogardaky “gödensiz” işjeňlikleriniň öňüni almak synanyşygy hökmünde häsiýetlendiren çärelerini yglan edende aýtdy.

Senatyň daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy Bob Korker we respublikan Tom Kotton Trampyň sözlän sözünden gysga wagt soň 2015-nji ýyldaky ylalaşygyň prezident tarapyndan kesgitlenen “kemçiliklerini düzetmek” üçin kanunçylyk planyny teklip etdi.

Çykýan netijä görä, bu kanun, eger-de Tähran 2025-nji ýyldan soň uran baýlaşdyrmaga gaýtadan başlasa, ýadro ýaraglaryna dahylly sanksiýalary gaýtadan girizer.

XS
SM
MD
LG