Sepleriň elýeterliligi

Kaliforniýa: Tokaý ýangynlarynda azyndan 40 adam öldi


Kaliforniýadaky ýangyn

Kaliforniýanyň taryhynda iň kän adam heläkçiligine getiren ýangynlarda azyndan 40 adam öldi we ýüzlerçe adam entegem tapylmaýar.

Kaliforniýanyň Tokaýçylyk we ýangyndan goranmak departamenti 14-nji oktýabrda 10 müň çemesi ýangyn söndürijiniň tokaý ýangynlaryna garşy bir hepde bäri dowamly göreş alyp barýandygyny aýtdy. Ýangyn netijesinde demirgazyk Kaliforniýada oba ýerleriniň uly bölegi, müňlerçe jaý weýran boldy.

Ýangyn söndürijiler San Fransiskonyň demirgazygynda azyndan 16 sany aýry-aýry uly ýangyny öçürmäge çalyşýandyklaryny aýdýarlar.

Bu ýangynlar örän weýrançylykly boldy, hasaplamalara görä, 5700 desga weýran edildi diýip, ýangyn söndüriji edara aýtdy.

Resmiler bu adamlaryň köpüsiniň tapyljagyna umyt eden hem bolsalar, häkimiýetler häzire çenli 300 çemesi adamyň tapylmaýandygyny aýdýarlar.

Ýangyn sebäpli 100 müňden gowrak adam ýaşaýan ýerinden göçürildi, tutuş ýaşaýyş etraplary kül boldy.

14-nji oktýabrda ýalyn taryhy üzümçiliklere we turist şäheri Sonoma tarap ugur alyp, 3 adamy öýünden gaçmaga mejbur etdi.

XS
SM
MD
LG