Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Kandidatlar saýlawdan soň ýurtda 'hiç bir dartgynlylyk bolmaly däl' diýýärler


Bişkek, duralgadaky adamlar
Bişkek, duralgadaky adamlar

15-nji oktýabrda Gyrgyzystanda 1991-nji ýylda SSSR dargaly bäri ilkinji gezek häkimiýetiň parahatçylykly görnüşde halk tarapyndan saýlanan bir prezidentden beýleki prezidente geçmegini üpjün etmegine garaşylýan prezident saýlawlary başlandy.

Konstitusiýa esasynda altyn ýyldan soň yzygider ikinji möhlete dalaş etmekden mahrum bolan iş başyndaky prezident Almazbek Atambaýewiň ornuna 11 kandidat bäsleşýär.

Günbatar goldawyndaky döwletden aýry guramanyň, Demokratiýa we raýat jemgyýeti koalisiýasynyň çykaran netijelerine görä, pikir soramalarda Jeenbekow 41 %, Babanow 39 % çemesi goldaw aldy.

Emma muňa garamazdan, Babanow Bişkekde ses berip, özüniň Gyrgyzystanyň indiki prezidenti boljagyna “doly ynanýandygyny” aýtdy.

Jeenbekow hem paýtagtdaky saýlaw uçastogynda ses berip, “durnuklylyk üçin ses berýändigini” we özüniň häzirki prezidentiň işini dowam etdirjekdigini aýtdy. “Meniň esasy maksadym eýýäm gazanylan sepgitleri berkitmekden we reformalaryň täze tapgyryny durmuşa geçirmekden ybarat” diýip, ol aýtdy.

Sariýew we beýleki kandidatlar gozgalaň we syýasy gapma-garşylyk aladalarynyň arasynda, saýlawdan soň ýurtda “hiç bir dartgynlylyk bolmaly däl, saýlaw şu gije tamam bolmaly diýdiler.

Prezident Atambaýew häkimiýetler “gozgalaňy planlaşdyrýanlary “tussag etdiler we tussag etmegi dowam etdirerler”, sebäbi olar biziň baýramçylygymyzy bozmasyn diýdi.

XS
SM
MD
LG