Sepleriň elýeterliligi

Türkmen telekeçileri ýene azyklyk bugdaý satyn aldy


Ahal, bugdaýy orlan ýeriň gyrasynda goýun bakýan adam.

TDH bu hepde Türkmenistanyň daşary ýurda satan harytlarynyň umumy bahasynyň ABŞ-nyň 4 million dollaryna golaý bolandygyny, türkmen telekeçileriniň bolsa azyklyk bugdaý satyn alandygyny habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Russiýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Latwiýadan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyny töläp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen flanel matasyny, ýüplügi we nah matanyň galyndylaryny, pagta süýümini satyn aldylar. “Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 930 müň dollaryndan gowrak boldy” diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, Russiýanyň we Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 508 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Mundanam başga, türkmen telekeçileriniň içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 678 müň manatdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn alandyklary habar berilýär, emma bugdaýyň haýsy ýurtdan satyn alnandygy aýdylmaýar.

Türkmenistan garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan bäri ýurduň öz sarp edýän bugdaýyny öndürmegi baş wezipeleriniň biri edindi we bu ugurda uly işleriň edilýändigi aýdylýar.

Emma muňa garmazdan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýyl bugdaý planynyň doldurylmandygyny boýun aldy we resmilere käýinç berdi.

Ýerli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Türkmenistan sogan, pomidor, kartoşka ýaly bakja ekinlerini we miweleri hem köp möçberde daşardan satyn alýar.

XS
SM
MD
LG