Sepleriň elýeterliligi

Rus kinorežissýorynyň “Söýmezlik” filmi London festiwalynda baýrak aldy


Rus kinorežissýory Andreý Zwýaginsew

Rus kinorežissýory Andreý Zwýaginsewiň “Söýmezlik” (Nelýubow) atly filmi London kino festiwalynda iň gowy çeper film baýragyna mynasyp boldy.

Bu onuň şol bir baýragy ikinji gezek alşydyr, mundan üç ýyl ozal kinoçynyň “Lewiafan” atly kinosy hem hut şu baýragy alypdy.

“Söýmezlik” bir jübüdiň 12 ýaşly ogullarynyň ýitirim bolan pursatynda kyn ýagdaýdaky aýrylyşmak prosesini suratlandyrýar.

Festiwalyň direktory Clare Stewart bu filmiň öz ömürleri bilen şeýle gümra bolan ene-atanyň başda öz ogullarynyň ýitirim bolandygyny hem aňmaýandygyny, munuň dünýä ýüzünde köp çaganyň ýüzbe-ýüz bolýan keç ykbalynyň güýçli metaforasy bolup durýandygyny aýtdy.

Britan režissýory, sudýalar paneliniň prezidenti Andrea Arnold 14-nji oktýabrda berlen sylagdan soň “Söýmezlik” bir maşgalanyň hekaýasy bolmakdan “ählumumy betbagtçylyga” öwrüldi diýi.

Bu London kino festiwalynyň 61-nji gezek geçirilişidir.

XS
SM
MD
LG