Sepleriň elýeterliligi

Kabulda bombaly hüjümiň öňi alyndy


Kabulda şaýy metjidiniň golaýynda janyndan geçeniň amala aşyran hüjümi. 29-njy sentýabr, 2017 ý.

Owganystanda polisiýa paýtagt Kabulda içi partladyjyly bir ýük ulagynyň saklnayp, netijede mümkin partlamanyň öňüniň alnandygyny aýdýar.

Içeri işler ministrligiň berýän maglumatyna görä, polisiýa barlag-gözegçilik nokadynda durman geçen bir ýük ulagynyň sürüjsini atyp, ýaralapdyr.

“Sürüji alan şikesleri sebäpli ulagy saklady” diýip, Içeri işler ministrligiň wekili aýtdy. Ulagda 2 müň 700 kilogram partladyjy tapylypdyr.

Owgan resmisi bu ulagy Hakkani toparynyň şäheriň gür ilatly böleginde partlatmagy planlaşdyrandygyny hem mälim etdi.

31-nji maýda Kabulyň diplomatiki böleginde içi partladyjyly ulagly hüjümden soň, paýtagtdaky howpsuzlyk hüşgärligi has-da güýçlendirilipdi.

XS
SM
MD
LG