Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-Günorta Koreýa harby-deňiz türgenleşikleri başlady


Günorta Koreýanyň harby gämileri

ABŞ we Günorta Koreýa bilelikdäki harby-deňiz türgenleşiklerine başladylar. Türgenleşiklere harby uçarlar, wertolýotlar we 40 gämi gatnaşýar.

ABŞ-nyň 7-nji flotunyň beren maglumatyna görä, türgenleşikler ýarymadanyň günbatar sebitlerinde, Ýapon deňzinde we Sary deňizde geçirilýär.

Harby-deňiz resmileri bäş günlük türgenleşikleriň ABŞ-Günorta Koreýa güýçleriniň “umumy sazlaşykly hereketini üpjün etjekdigini” mälm etdiler.

Bu harby-deňiz türgenleşikleri ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky dartgynlylygyň fonunda geçýär. Phenýan Amerikany bu türgenleşikleri hüjüm üçin taýýarlyk görmekde aýyplady.

Demirgazyk Koreýa BMG-niň rezolýusiýasyna hem garamazdan ençeme gezek ballistik raketalarynyň synagyny geçiripdi.

XS
SM
MD
LG