Sepleriň elýeterliligi

Kirkugyň töwereginde çaknyşyklar barýar


Yragyň federal güýçleri Kirkugyň nebit ýataklaryna tarap barýarlar. 16-njy oktýabr, 2017 ý.

Yragyň hökümet güýçleri ýurduň demirgazygyndaky Kirkuk welaýatynyň kürtleriň elindäki sebitlerine tarap ugradylar diýip, ýurduň harbylary maglumat berýärler.

Armiýanyň beýanatyna görä, hökümet güýçleri Kirkugyň günortasyndaky köprüleri, ýollary, infrastruktura, şol sanda gaz, elektrik binalaryny, şeýle-de polisiýa edarasyny öz gözegçiligine geçiripdirler.

Kürt güýçleriniň metbugat wekili hem federal güýçleriniň senagat obýektlerini eýeländiklerini tassyklap, çaknyşyklarda “köp ýitgileriň bolandygyny” hem sözüne goşdy.

Yragyň hökümeti 2014-nji ýylda kürtleriň Peşmerga söweşijileri tarapyndan Kirkugyň basylyp alnan sebitlerinde operasiýanyň başladylandygyny yglan edipdiler.

Mundan üç hepde ozal, kürt resmileri özleriniň awtonom regionynda, şeýle-de Kirkuk şäherinde garaşsyzlyk referendumyny geçiripdiler. Bagdad bu referendumy bikanun atlandyrdy.

Kürt resmileri ýaşaýjylaryň uly bölegini garaşsyzlygy goldap, ses berendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG